SPORT

Dünýä çempionaty-2026: Türkmenistan ilkinji duşuşygyny geçirdi

Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrynyň “E” toparçasynda çykyş edýän Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň milli ýygyndylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda Türkmenistanyň milli ýygyndysy oňat görkezen hem bolsa, utuk gazanyp bilmedi.

Duşuşyk 3:1 hasabynda Özbegistanyň milli ýygyndysynyň peýdasyna tamamlandy. Duşuşygyň birinji ýarymynyň iň soňky minutlarynda, ýagny 44-nji minutda ildeşimiz Meýlis Durdyýew hasaby 1:0 edip, Türkmenistany öňe çykardy.

Ýöne duşuşygyň ikinji ýarymynda Özbegistanyň ýygyndysyndan Otabek Şukurow 57-nji we 77-nji minutlarda we Eldor Şamuradow 90+1-nji minutda gol geçirip, öz ýygyndysynyň ýeňiş gazanmagyna mümkinçilik döretdi.

“E” toparçasynda beýleki duşuşykda Eýranyň ýygyndysy Gonkongyň ýygyndysyny 4:0 hasabynda utdy. Bu duşuşykda bolsa, Serdar Azmun 2 gol geçirip, ýygyndysynyň ýeňiş gazanmagyna uly goşant goşdy.

Bu toparçadaky nobatdaky duşuşyklar 21-nji noýabrda geçiriler. Şonda Türkmenistanyň ýygyndysy myhmançylyk Gonkongyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Özbegistanyň ýygyndysy bolsa, şol gün Daşkentde Eýranyň ýygyndysy kabul eder.

Related posts

Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti döredildi

Ronaldo toparynda galýar

Dünýäniň iň baý topary ilkinji transferini etdi

Ata Watan Eserleri