Covid-19: Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini iberdi

Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna koronawirus pandemiýasyna garşy göreş üçin lukmançylyk enjamlaryň toplumlary görnüşindäki nobatdaky ynsanperwer kömegini iberdi. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekildi.

Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömek hökmünde Owganystan Yslam Respublikasynyň hökümetine muzdsuz bermek tabşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň saklanylmagyna gönükdirilen halkara işlerine işjeň gatnaşýar. Ynsanperwerlik nusgalaryň tarapdary bolan Türkmenistan ata-babalarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk we özara goldaw bermek wesýetlerine eýerip, elmydama beýleki döwletlere, hususan-da doganlyk goňşy halklara özüniň kömegini bermäge taýýardyr.

Ynsanperwer häsiýetli nobatdaky ählitaraplaýyn kömegini bermek arkaly doganlyk Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine wajyp goşant goşmak bilen, bu ynsanperwerlik resminama dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk dessurlarynyň mizemezliginiň ýene bir aýdyň mysaly boldy.

Related posts

Pezeşkian ilkinji gezek Türkmenistanda GDA-nyň Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşar

Putin bilen Pezeşkian Awazada duşuşarlar

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Awaza geldi

Wladimir Putin 8–9-njy oktýabrda Türkmenistana geler

Walentina Matwiýenko iş sapary bilen Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri

Türkmen dzýudoçylary Bakuda geçirilýän dünýä çempionatynda çykyş edýärler

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylym-bilim we tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýär

«Awaza» GDA-nyň sammiti: 7-9-njy oktýabr aralygyndaky çäreleriň maksatnamasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

Türkmen türgenleri dokuz aýda 554 medal gazandylar

Mekdep okuwçylarymyz Koreýa Respublikasynda geçiriljek halkara robot tehnologiýalary bäsleşigine gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Berlinde “C5+1” döwlet we hökümet Baştutanlarynyň sammiti meýilleşdirilýär

Germaniýanyň ilçisi: 63 müň türkmen raýaty nemes dilini öwrenýär

5-nji oktýabr:Bütindünýä mugallymlar güni bellenilýär

Indiki XXI Aziýa oýunlary Dohada geçiriler

Şakiranyň Bişkekdäki konserti: 22 döwletden myhman geler

Aşgabatda Ýewropanyň Medeniýet günleri: italýan jaz aýdymçysy çykyş eder

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Dünýäniň iň gowy 1000 uniwersitetiniň sanawy täzelendi