SPORT

Banega “Sewilýa” topary bilen hoşlaşdy

Ispaniýanyň “Sewilýa” toparynyň ýarymgoragçysy Ewer Banega Ýewropa ligasynyň kubogyny gazanandan soňra topardan gidýändigini mälim etdi.

“Bütin ömrümi geçiren toparymdan gidýärin, ýöne men bagtly. Öňümizde maksat goýup, arzuwymyzy amala aşyrandygymyz üçin topardaky oýunçylara minnetdar. Agzybirlik bilen kyn pursatlary ýeňip geçmek ukyby arkaly üstünlik gazandyk” – diýip, Banega belledi.

Argentinaly ýarymgoragçy futbol ýoluny Saud Arabystanynyň “Al Şabab” toparynda dowam etdirer. Futbolçy 3 ýyl möhlet bilen şertnama baglaşdy we indiki möwsümiň başyndan täze toparynda çykyş edip başlar.

Related posts

Aziýanyň kubogy: Türkmenistan uly hasap bilen ýeňiş gazandy

Ata Watan Eserleri

Pekin-2022: Medal alan ýurtlaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ýewropanyň iň gymmat futbolçysy kim?