SPORT

Aziýa Kubogy: 1/8 final duşuşyklary

Katarda badalga alan hem-de Aziýanyň iň güýçli milli ýygyndysyny yglan etjek Aziýanyň Kubogy boýunça futbol çempionaty dowam edýär. Aziýanyň Kubogy ýaryşynda toparçalardaky duşuşyklar tamamlandy.

Nobat 1/8 finalyň duşuşyklarynda.  Täjigistan, Palestina we Sira ýaly döwletleriň 1/8 finala çykmagy garaşylmadyk netijeler boldy.

1/8 finalyň esasy duşuşyklaryň biri Saud Arabystany bilen Ýaponiýanyň arasynda bolar. Aziýanyň kubogy iň köp gazanan Ýaponiýa bu tapgyrda dünýä çempiony Argentina ýaly döwleti ýeňmegi başaran Saud Arabystany bilen duşuşar.

1/8 FINALYŇ DUŞUŞYKLARY:

Täjigistan – BAE

Yrak-Iordaniýa

Awstraliýa – Indoneziýa

Saud Arabystany – Günorta Koreýa

Eýran – Siriýa

Bahreýn – Ýaponiýa

Katar – Palestina

Özbegistan – Tailand.

Related posts

Sterling “Adidas” bilen şertnama baglaşdy

Çempionlar Ligasy: “Siti”, “PSŽ”, “Real”, “Inter” we “Sporting” 1/8 finalda

Rimde gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakyldy