SPORT

AFK-nyň Çempionlar ligasy: “Ahalyň” 2-nji duşuşygy, Ronaldonyň ilkinji goly

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Çempionlar ligasynda toparçalardaky 2-nji tapgyryň duşuşyklary geçirilýär. Bu ýaryşda ýurdumyza wekilçilik edýän “Ahal” topary özüniň ikinji duşuşygyna çykýar.

Ilkinji duşuşykda Saud Arabystanynyň “Al-Feýha” toparyny 1:0 hasabynda ýeňen “Ahal” Çempionlar ligasyndaky ikinji duşuşygyny myhmançylykda geçirer. Ýurdumyzyň güýçli toparynyň nobatdaky garşydaşy Birleşen Arap Emirlikleriniň “Al-Aýn” toparydyr.

BAE-niň “Al-Aýn” topary bu ýaryşdaky ilkinji duşuşygynda Özbegistanyň “Pahtakor” toparyny 3:0 hasabynda ýeňipdi.

“Ahal” topary bilen “Al-Aýn” toparynyň arasyndaky duşuşyk şu gün, ýagny 3-nji oktýabrda Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlaýar.

Şeýle hem Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Çempionlar ligasynda gyzykly duşuşyklar dowam edýär. Dünýä belli ýyldyz futbolçy Kristiano Ronaldo Aziýanyň Çempionlar ligasynda ilkinji goluny geçirdi. Onuň düzüminde çykyş edýän “Al-Nasr” topary 2 tapgyrda Täjigistanyň “Istiklol” toparyny 3:1 hasabynda utdy. Şol duşuşykda portugal futbolçy 66-njy minutda tapawutlandy.

Ronaldo bu barada özüniň jemgyýetçilik torunda şeýle diýdi:

– Ähli topar üçin gowy duşuşyk boldy. Aziýanyň Çempionlar ligasynda ilkinji golumy geçirendigime begenýarin. Biz ýeňiş gaznamagy dowam edýäris!

Related posts

Boksçy Floýd Maýweýzer indiki tutluşygyny mälim etdi

Ata Watan Eserleri

Huşundan gidip, çempion boldy

Tokiodaky Olimpiýa şäherçesi işläp başlady