DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy daşary ýurt raýatlarynyň Eýrandan dolanmagyna kömek bermäge taýýar

Ýaponiýadaky Türkmenistanyň ilçihanasy diplomatik wekilhananyň konsullyk okrugyna girýän daşary ýurt raýatlaryna Eýranyň çäginden Türkmenistana geçip, watanyna dolanmak meselesinde kömek bermäge taýardygyny mälim etdi. Bu barada Ilçihananyň resmi sahypasynda habar berilýär.

Ilçihananyň resmi sahypasynda ýerleşdirilen bildirişde şeýle diýilýär:

«Ýakyn Gündogardaky ýagdaý bilen baglylykda, Tokio şäherindäki Türkmenistanyň Ilçihanasy ilçihananyň konsullyk okrugyna degişli daşary ýurt raýatlaryna (Ýaponiýa, Filippinler Respublikasy, Awstraliýa we Täze Zelandiýa) Eýranyň çäginden geçip, Türkmenistan arkaly watanyna dolanmaga kömek bermäge taýýardygyny bildirýär».

Kömek almak üçin raýatlaryň pasport nusgalary bilen bilelikde degişli haýyşnamany şu elektron poçta ibermekleri haýyş edilýär: consulate_jp@mfa.gov.tm.

Related posts

Turkmenistan: attentively observe the situation in Afghanistan

BAE-niň Prezidenti aradan çykdy

Türkmenistan’ın Tarafsızlığının 25. yıldönümü için web sitesi açıldı

vepa