DÜNÝÄ

Si Szinpin Russiýada resmi saparda bolar

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 7-10-njy maý aralygynda Russiýa Federasiýasynda resmi saparda bolar. Si Szinpin Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça bu saparyny amala aşyrýar.

Kreml köşgüniň habar bermegine görä, Si Szinpin saparynyň çäklerinde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşar.

– Moskwada geçiriljek rus-hytaý gepleşiklerinde özara gyzyklanma bildirilýän ugurlardaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem hökümetara hem-de beýleki ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekiler – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

Related posts

Zambiýa we Angolanyň wekiliýetleri Türkmenbaşa gelerler

Hytaý-Türkmenistan-Ýewropa multimodal ulag ugruny ýola goýmak meýilleşdirilýär

Kamu Kurumlarının Geçidi Nefes Kesti

vepa