DÜNÝÄ

Türkiýäniň Prezidenti 3 ýurtda resmi saparda bolar

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 10-13-nji fewral aralygynda Malaýziýa, Indoneziýa we Pakistana resmi sapar gurar.

Bu barada Türkiýäniň Prezidentiniň Diwanynyň Aragatnaşyk müdirliginiň başlygy Fahrettin Altun habar berdi.

Onuň bellemegine görä, ýakynda amala aşyryljak saparlarda Türkiýäniň bu ýurtlar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny we belli taslamalar arkaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikdäki çäreleriň görüljekdigini aýtdy.

“Hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşymyz bolan Malaýziýa saparyndan soň, Prezidenti Ärdogan Indoneziýadaky we Pakistandaky kärdeşleri bilen Strategik hyzmatdaşlyk boýunça ýokary geňeşiň mejlislerine başlyklyk eder. Saparlaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen resminamalaryň toplumyna gol çekiler we işewür toparlaryň wekilleri bilen duşuşyklar meýilleşdirilýär” -diýip, Fahrettin Altun belledi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidenti saýlawlardaky ýeňşi bilen gutlady

ŞHG-niň 23-nji sammiti onlaýn ýagdaýda geçiriler

Azerbaýjan bilen Türkmenistan atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy