MEDENIÝET

Aşgabatda Koreýanyň Medeniýet hepdeligi geçiriler

Şu ýylyň 3 — 5-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Koreýanyň Medeniýet hepdeligi geçiriler. Onuň dowamynda konsert hem-de koreý filmleriniň görkezilişi guralar.

Koreýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, 3-nji noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Koreýanyň «ONDO» sazandalar toparynyň konserti guralar. Konsert 19:00-da başlanar.

4-5-nji noýabrda bolsa «Aşgabat» kinoteatrynda koreý filmleriniň görkezilişi bolar. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin görkeziljek «Beýsbol oýunçysy», «Diwa» şeýle-de «Gizlin haýwanat bagy» atly koreý filmleri subtitr arkaly rus diline terjime ediler.

Related posts

Teýlor Swiftiň 40,000 dollarlyk meşhur gitarasy satuwda

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan kitap

Ata Watan Eserleri

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry halkara festiwalyň ýörite Diplomyna mynasyp boldy