SPORT

“Barselona” ýaş futbolçysyny goýbermek islemeýär

Ispaniýanyň meşhur futbol topary “Barselona” 16 ýaşyndaky ýaş futbolçysy Lamin Ýamal bilen täze şertnama baglaşdy. Ispan topary bu futbolçysy goýbermek islemeýär. Şonuň üçun 2026-njy ýyla çenli baglaşylan şertnamada futbolçyny başga bir topara ibermek üçin kesgitlenen baha 1 milliard ýewro deňdir.

“Barselona” toparynyň futbol akademiýasynda ýetişen futbolçy bilen 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşyldy.

Täzelikde futbol toparynyň düzüminde çykyş edip başlan Ýamal 10 duşuşykda oýnady. Şol duşuşyklarda 2 gezke tapawutlandy. Şeýle hem ol Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzümine çagyryldy. Bu ýerde hem 2 duşuşykda oýnap, bir gol geçirdi. Ýamal ispan milli ýygyndysynyň düzüminde tapawutlanan ýaş futbolçylaryň biri boldy.

Related posts

Leo – Kataloniýada iň meşhur erkek ady

Dünýä çempionatyna gatnaşjak Özbegistanyň futbol ýygyndysy awtoulag sowgat alar

Ata Watan Eserleri

Çempionlar ligasy: “Çelsi” üçin kyn bolan 10 minut

Ata Watan Eserleri