DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito we Premýer-ministr Fumio Kisida Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniňpajygaly ýagdaýda, biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi.

“Sindzo Abe görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolup, Ýaponiýanyň hem-de onuňhalkynyňabadan, bagtyýar ýaşamagy ugrunda ägirt uly işleri bitirdi. Ol türkmen halkynyňhakyky dosty bolmak bilen, türkmen-ýapon gatnaşyklarynyňösdürilmegine we berkidilmegine uly goşant goşdy” diýip, döwlet Baştutanymyz Sindzo Abeniň ýagty ýadygärliginiň häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda baky galjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna, şeýle-de Ýaponiýanyňähli dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Related posts

Türkmenistan we Bütindünýä poçta birleşigi hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Özbegistanda ministrlikleriň sany 2 esse azaldylar

Türkiýäniň Prezidenti 3 ýurtda resmi saparda bolar