SPORT

NBA-da oýunçylar akylly ýüzük geýerler

Öňümizdäki NBA möwsüminde koronawirusy yzarlamak üçin tehnologiýa goldaw berler. NBA oýunlarynda oýunçylaryň koronawirus alamatlary akylly halka bilen yzarlanar. Koronawirus pandemiýasy sebäpli togtadylan Milli basketbol birleşigi (NBA) möwsümi iýul aýynda gaýtadan başlar.

“Engajet” internet neşiriniň habarlara görä, NBA ýolbaşçylary koronawirusynyň alamatlaryny yzarlamak üçin “Oura” akylly halkalaryny ulanarlar. Şol bir habara görä, NBA oýunçylarynyň akylly halkalary ulanmagy hökmany bolar. Bütin dünýäde takmynan 150 müň adam “Oura Rings” tarapyndan döredilen akylly ýüzügi ulanýar. Pandemiýa üçin ýörite ýasalan akylly halka, bir gezek berlen zarýad güýji bilen ýedi gün işleýär. Bu akylly enjam, iOS we Android ulgamlary bilen hem gabat gelýär.

Related posts

Dünýäniň iň garry Olimpiýa çempiony aradan çykdy

“Aston Willa” Koutinýony satyn aldy

Ata Watan Eserleri

Çempionlar ligasynyň kubogyny “Mançester Siti” topary gazandy

Ata Watan Eserleri