JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti BRIKS sammitine gatnaşdy

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda iş sapary bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow XVI BRIKS sammitine gatnaşdy. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlyklyk etmeginde üstümizdäki ýylda BRIKS sammitiniň çäklerinde “BRIKS+” formatynda ýokary derejeli duşuşyk guralýar.

Umuman, Kazandaky BRIKS sammitine gatnaşmak üçin 24 döwlet Baştutan derejesindäki wekiliýet bilen gatnaşýar.

– Sizi “BRIKS+” formatyndaky duşuşykda görmekden hoşaldyryn. Giňeldilen düzümdäki bu duşuşyk gurama agza döwletler bilen bir hatarda hyzmatdaşlyk ýurtlaryň arasynda gönüden-göni gatnaşyklary ýola goýmaga giň mümkinçilik döredýär. Şu gezekki sammite Russiýanyň ýakyn goňşulary çagyrdyk. ŞEýle hem BRIKS guramasy bilen has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ýolbaşçylary geldi – diýip, Wladimir Putin belläp geçdi.

Mälim bolşy ýaly, bu döwletara birleşik 2006-njy ýylda Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde esaslandyryldy. Ilki onuň düzümine Braziliýa Federatiw Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Hindistan Respublikasy we Hytaý Halk Respublikasy girdi. BRIKS-iň işiniň esasy maksady işjeň, deňhukukly dialogy, netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmekden ybaratdyr.

 

Related posts

Halkara foruma gatnaşyjylar Magtymgulynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar

“Altyn köl” – döwrebap dynç alyş zolagy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyly