JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýa Respublikasynyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emmanuel Makrona tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Fransiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Oguljahan Atabaýewa  Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Somali Türkmenistana ilçi belledi

Leave a Comment