PEÝDALY MASLAHAT

12-23 aýlyklarda çagany dogry iýmitlendirmek

Çaga günüň dowamynda maşgala saçagyndaky iýmitlerden 5 gezek naharlanmaly – 3 gezek esasy we 2 gezek goşmaça naharlanmaly. Iýmıtlendirmegiň iň oňat düzgüni: göwüsden emdirmegi dowam etdiriň diýlip Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky edarasynyň resmi Instagram hasabynda (@unicef_turkmenistan)  aýdylýar.

BERILÝÄN MASLAHATLAR:

  • Çaganyň gowy görýän iýmitini beriň!
  • Süýjüleri, hamyrly konditer önümlerini we süýjüli içgileri çaga bermäň!
  • Çaganyň iýmitine duz goşmakdan gaça duruň! Naharlanýan mahaly çaga bilen oýun ediň, oňa aýdym aýdyp beriň ýa-da ol köpräk iýer ýaly başgaça usulda höweslendiriň!
  • Çaganyň ýanynda oturyň, kanagatlylyk bilen oňa naharlanmaga kömek beriň!

Bulary hem okaň!

Ene süýdi :0-6 aýlyk döwürde çagany iýmitlendirmek

6-12 Aýlyklarda çagany dogry iýmitlendirmek kadalary

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Related posts

Pasyllaryň reňkleri

Ata Watan Eserleri

Oraza üçin amatly miweli desert

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 20-26-njy iýuly aralygynda howa maglumaty