SPORT

Zidan – dünýäniň iň gowy klub tälimçisi

Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň baş tälimçisi Zinedin Zidan Fransiýanyň “L’Équipe” neşiri tarapyndan dünýäniň iň gowy tälimçisi diýlip saýlandy. Gazetiň baş sahypasy şu mowzuga bagyşlanyp çap edildi.

Zidan ökde tälimçileriň hatarynda görkezilip, ol “Liwerpul” toparynyň tälimçisi Ýurgen Kloppdan hem-de “Mançester Siti” toparyna tälimçilik edýän Pep Guardioladan öňe saýlandy.

Zidan 2016-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli “Real Madride” tälim berdi we bu döwürde Ispaniýanyň çempionatynda we Super kubogynda ýeňiji boldy, üç gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy, şeýle hem iki gezek UEFA Super kubogynda we Klublar dünýä çempionatynda ýeňiji boldy.

2019-njy ýylda Madrid klubyna gaýdyp gelen fransuz hünärmeni şu ýyl “La Ligada” toparyny çempion etdi.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar