SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BSSG: örtük – raýdaşlygyň nyşany

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreyesus hemmelere ýanynda antiseptik götermäge we zerur bolan ýagdaýynda agyz-burun örtügini dakynmagy maslahat berdi. Ol agyz-burun örtüginiň wirusyň ýaýramagynyň öňüni almagyň serişdesi bolman, eýsem raýdaşlygyň nyşanydygyny belläp geçdi.

– Örtük dakynyň, howpsuz aralygy saklaň, köp adamly ýerlerden gaça duruň we elleriňizi ýygy-ýygydan ýuwuň. Şeýle etmek bilen özüňizi we başgalary gorarsyňyz – diýip, BSGG-niň baş direktory Tedros Gebreyesus mälim edýär.

Şeýle hem ol birnäçe sanjymyň häzirki wagtda üçünji kliniki synagynyň geçirilýändigini, bu ýokanjyň öňüni alyp biljek täsirli sanjymy alarys diýip umyt edýändigini belläp geçdi.

Tedros Gebreyesus, BSGG-niň bilermenler toparynyň Hytaýda işini tamamlandygyny aýtdy. Geçirilen işleriň netijesi, ýokançlygyň asyl çeşmesini kesgitlemek üçin möhüm bolup, mundan beýläk-de geçiriljek işleri üçin esas döreder. Bu maksat bilen BSGG-niň ýörite halkara topary döredildi. Oňa Hytaýyň we beýleki ýurtlaryň hünärmenleri girer. Epidemiologiki ylmy-barlaglar Wuhanda başlar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan: elektron wiza we bilelikdäki syýahatçylyk ugurlary göz öňünde tutulýar

2025-nji ýylda Malaýziýa Türkmenistandan 10 750 syýahatçyny kabul etdi

Türkmenistan bilen Malaýziýa: syýahatçylykda 20-den gowrak şertnama gol çekildi

Malaýziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri Aşgabatda tanyşdyryldy

Baku–Aşgabat uçar gatnawlaryny ýola goýmak mümkinçiligi öwreniler

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri