HEKAÝALAR

Ýylçyr dagynyň aýdymy

Hekaýa

Keremli daglaryň arasynda indi köp-köp ýyllardan bäri bir aýdym ýaşaýar. Ol  bürgütleriň ömri hakynda aýdylýan gussaly aýdym. Daglar ony hemişe dyman mahaly aýdýar …

***

Bir döwürler özüniň häzirki bolşy ýaly, enesiniňem gaty garrany onuň ýadynda. Şonda ol ene bürgüdiň barha egbarlaşýan halyna dözmän, ganatlarynyň aşagyna girip, ony iň soňky ýoluna suwdan gandyrmaga güzere alyp barypdy. Soňam olar asmana galyp, heniz keýikleriňem toýnaklary sekmedik ýerine, ýylçyr daglarynyň çür depesine-bürgüt hekemine sary uçupdylar.

Bürgütlere ol hekemiň üstünde oturyp, daglaryň özleri hakynda aýdýan şirinden-şirin aýdymyny diňlemek, manyly ömründe diňe iki ýola miýesser edýändigini ol bilýär. Bir-ä bi dünýäniň gyrasyndan gireniň-de, sen şol bürgüt guşlarynyň ýeleginden ýaňa minara dönen arzyly hekemiň üstünde ganat çykaryp, asmana galmaly. Birem, ýagty dünýe bilen müdümilik hoşlaşanyňda, şo-ol bir wagtky-heniz gyzyletenekäň süňňüňe biten ýelekleriňi ýene şo ýerde goýup gaýtmaly.

Şonuň üçin bürgütler, gör nijeme ýyllardan bäri, ata-babalarynyň süňňi bilen ýyladyp gelen sowuk daşyna hemişe buýsanç bilen gonýarlar. Onuň buýsançlylygy şeýlehekeme diňe bürgütleriň het edip bilýänligi. Başga ganatdyllar çöp-çalamyň içinde mydar edýär. Bürgütler bolsa daşlaryň, onda-da gaty daşlaryň üstünde.

Ýowuzlygy onuň iň soňky daşdygy… Gaýdyp başga daşa gonup bilmeýänligi. “Bürgütleriň bürgüt gaýratam, dünýä kynlyk bilen gelip, kynlyk bilen gidýändiklerinden” ─ diýip, daglar öz aýdymlarynda aýdýarlar:

Daglar näçe beýigem, berkem bolsa, olar hemişe gussaly, şonuň ýalam buýsançly aýdymy aýdýarlar.

 

Argaşyp howada, tümüň üstünde,

Berkedýär beýnisin daşlaň astynda…

 

Daglaryň daglara kölegesi düşýär. Şonuň üçin olar hemişe paýhasly. Daglara ýene bir kölegesini düşürip bilýän, ýeke-täk bürgüt guşlaryň al ganaty. Şonuň üçin mert ärleriň biri-biriniň güýjüne hormat goýuşlary ýaly, olar syrdaş bolup uzakdan-uzakýaşaýarlar. Daglaryňam, bürgütleriňem ýaşy ölçenmän, nähili ýaşandyklary ölçenýär.

Daglaryň ruhy bürgütlerde, bürgütleriň ruhy keremli daglarda.

Ähli bürgüt guşlar ýaly, onuň enesi şol hekemiň üstünde bürgüt ýeleklerini çykaryp asmana galypdy. Soňam ol çüňkleri sürlüp, ganatlary gyrlansoň, şol daşyň üstünde kemala gelen ýeleklerini dökmäge barypdy.

Enesiniň indi bir ýyllap ýele-guza gaýzygyp ýatan, özüniň dünýä goýup gitjek iň soňky ýumurtgasyny şol gaty daşyň üstünde uzak wagtlap basyp oturyşy onuň ýadynda. Şonda enesine dözmän, ol öz tutan awyndan bir bölek lukmany oňa hödür edipdi. Ýöne enesi ony iýmändi. Näme üçin iýmänligini ol bilýär. Bürgütler kişä hantama bolup ýaşamaýar. Bürgüt bolup doguldyňmy, bürgüt bolubam ýaşa. Şonuň üçin saňa bürgüt diýilýär.

Häzir onuň özem bir wagtky enesiniň edişi ýaly, şol gaty daşyň üstünde ýeleklerini dökmäge barýar. Ol bürgüt hökmünde ötürilen ömürlden razy. Kösençliräk bolsa-da, ol bürgütlere mahsus bolan awlary awlady. Asmanyň çür başynda ─ Allanyň golaýjagynda ganatlaryny ýaýdy. Gulaty ýaly ýasama bürgüt bolman, çyn bürgüt häsiýeti bilen ýaşady.

Emma bir gezek, ol wagt enesem diridi, ýöne jan haýkylygy bokurdagyna gelensoň, dünýä bilen hoşlaşmak üçin soňky demini alýardy. Aşakda, deräniň düýbünde bolsa bir topar garga alaýaz bolup gaýgyldaşýardy. Şonda ol ömründe bir gezek, bürgüt ahmyry bilen enesine dözmän şeýle pikir edipdi.

─ Näme üçin şeýle mert haýwanyň ömri gorkak gargalaryňkydan gysgaka?!

Soň ol ýene-de öz-özi bilen ylalaşdy.

─ Olar näçe gagyldaşsalaram, endamynda bürgüdiň ýekeje ýelegem ýokdur.

***

Dag şemaly uzakdan, derelerde ýitip gidýän aýdymyň owazyny getirýär. Depede bürgüt guşlar pel-pelläp, asman soltançylygyny edýärler. Käte olar üýşmek bolup üýşýär, käte-de sergezdan bulutlara öwrülip, dyr-pytrak bolýarlar. Şeýle bolanda olaryň äpet kölegeleri ene bürgüdiňem üstüni örtýär.

Birdenem şol çogmak bolup duran bürgütleriň içinden iň garry bürgüt saýlanyp, sowur guşuň bady bilen dik başaşaklygyna gaýtdy. Ol şol gaýdyşyna badyny saklaman, diş-diş bolup duran ýylçyr gaýa özüni urdy. Birinji urgy daglarda taplanan garry süýeklere onçakly täsir etmedik borly, ol ýene asmana galyp, hamala daşlardan ary köýen ýaly, oňa täzeden öçli topuldy. Bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalandy. Şoň garry bürgüde derek, dereleri ýaňlandyryp bogulýan ýaly basyl ses eşidildi.

─ Gy-ý-y-k-k-k…

Bu ses garry bürgüdiň, keremli daglara hemem uly dünýä goýup giden iň soňky sesidi.

Gara daşlar bi sesi ýaňlandyryp, esli wagtlap öz süňňünde saklady. Asmandan öz kowumdaşynyň merde mahsus bolan bürgüt häsiýetini synlap duran bürgütler uly zenzele bilen öz dillerinde gygyryşyp, onuň dike-dike bolan göwresini hiç kim görmez ýaly, dumanly daglaryň çür depesine alyp gitdiler.

Bürgütler dünýe bilen hoşlaşanda, gara daşlaram aglaýar diýýärler. Bu erkek bürgütleriň kysmaty. Ene bürgüdiň bi ýowuz ýörelgeden habary bar. Daglaryň aýdýan aýdymynda oňa “Bürgüt seçgisi” diýilýär. Bi oýun ýaly bir zat. Ýöne düýbünde uly namys─ bürgüt namysy ýatyr.

Heniz göjelerem güllemänkä, ýedi ýyldan bir gezek, bürgütler şeýle ýowuz oýny oýnaýarlar. Serkerde bürgüt asmana galyp, dik ýokaryk uçýar. Beýleki edenli bürgütlerem onuň yzyna eýerýär. Eger kimde-kim sürä eýermese, ýetilmeli bürgüt menziline ýetip bilmese, göwräniň garraýanlygy, goja ganatlardan gurbatyň gaçýanlygy. Bu gün bolmasa ertir ol maslyk bolýar. Bürgütleriň maslyk bolup ýatanyny heniz gören ýok. Görülmezem. Şonuň üçin olar bürgüt ejizligini görkezmejek bolup, şeýle ýowuz oýny─Bürgüt seçgisini oýnaýarlar.

Bürgütleriň ýörelgesi hem guwandyryjy, hemem buýsandyryjy. Olar owadan ýaşap, özleriniň bürgüt ýowuzlyklary bilen söýgi döredýärler.

Ene bürgüt garrasa, iň soňky çykaran (şol iň soňky ýumurtgadan çykan bürgüt, serkerde bürgüt bolýar) ýumurtgasynyň üstünde jan berýär…

 

Erkek bürgüt garrasa─özüni daşa urýar.

Ganatym gyryldy, çüşküm sürüldi,

Diýmerin onda-da, eý bende aman.

Bürgüdem men, bürgüt bolup giderin,

Kysmatym ne hal, bolsa-da ýaman…

***

Ene bürgüt soň näme bolanyny bilmedi. Ol bir-ä durmuş diýlip atlandyrylýan düýpsiz derýanyň ýaňy gyrasyndan giren, öz ömrüni gaýtalajak jüýjejikleriniň sesini eşitdi, birem ýylçyr dagynyň bürgütler hakynda aýdan aýdymyny…

 

Bürgüt guşum, sowur guşym,

Kyssaň seniň şeýle ýowuz.

Sen hakynda gürrüň berýär,

Gadym türkmen, agyr Oguz…

 

Soň daglar näme hakynda aýdym aýdypdy.

Soňmy…

Durmuşyň pähimine öwrülen bürgütleriň mertligi hakynda…

 Öwezmyrat ÝERBENDI

Ýene-de okaň

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri