JEMGYÝET

Ýurdumyzyň sebitlerinde täze metjitler gurlar

Ýurdumyzyň sebitlerinde täze metjitler we onuň ýanaşyk ýerlerinde sadaka berilýän binalar toplumy gurlar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda bellenilip geçildi.

Welaýatlaryň häkimleri öz sebitlerinde gurulmagy meýilleşdirilýän metjit hem-de onuň ýanynda sadaka bermek üçin niýetlenen jaýy gurmak baradaky teklip bilen döwlet Baştutanymyza ýüzlendi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow metjit we onuň ýanynda sadaka berilýän jaýy gurmagyň sogap işleriň biridigini nygtamak bilen, bu teklipleri makullady hem-de halkyň islegine görä bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň sebitlerinde gurulmagy meýilleşdirilýän metjitler:

  • Ahal welaýatynyň merkezi Änew şäherinde metjit hem-de onuň ýanynda sadaka bermek üçin niýetlenen jaý gurlar.
  • Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde metjit hem-de onuň ýanynda sadaka bermäge niýetlenen binany gurlar.
  • Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda metjit hem-de onuň ýanynda sadaka jaýy bina ediler.
  • Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda metjit we onuň ýanynda sadaka berilýän bina gurlar.
  • Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň Şatlyk şäherinde metjit hem-de onuň ýanynda sadaka bermäge niýetlenen bina gurlar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň sebitleriniň merkezi şäherlerinde metjitler gurlup ulanmaga berlipdi.

 

 

Türkmen-türk parlamentara gatnaşyklary ösdürilýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Hormatly Arkadagymyz Prezident Ärdogany Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti türk işewürlerini kabul etdi

Türkiýäniň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi