SIZDEN GELENLER

Ysmanak – ýokumly maddalaryň özboluşly “ammary”

Gündelik durmuşymyzda ulanylýan ter gök otlar we ir-iýmişler ynsan saglygy üçin peýdaly bolup, ýokumly maddalaryň özboluşly “ammary” bolan ysmanak hem şolaryň biridir. Köpümize tanyş bolan ysmanak antioksidantlara baý, ýaşyl ýaprakly gök ösümlikdir. Dünýäniň ençeme ýurtlarynda dürli maksatlar üçin giňden ulanylýan ysmanagyň ylmy ady Spinacia oleracea. Boýy 30 sm çenli bolan ysmanagyň saglyk üçin peýdasy diýseň uludyr. Ysmanak dürli keselleriň öňüni alýan fito-önümleriň hazynasydyr. Kaloriýalylygy pes bolup, energiýa gymmaty 100 gr ter ýapragynda 23 kkal deňdir. Ol gandaky holesteriniň derejesini kadalaşdyrmak we artykmaç agramdan dynmak üçin maslahat berilýän berhizlikdir. 100 gr ter ysmanakda demriň gündelik talap edilýän kadasynyň 25% golaýy saklanýar. Şeýle-de ter ysmanak ýapragy antioksidantlara, A, C witaminlerine, lýuteine, beta-karotine baýdyr. A witamine we flawonoidlere baý tebigy gök önümleri iýmek bolsa iýmit siňdiriş, öýken keselleriniň öňüni almakda peýdalydyr. Ol şeýle-de K witaminiň hem “ammarydyr”. Ýagny, 100 gr ter ýapragynda bu witaminiň gündelik talap edilýän kadasynyň 42% saklanýar. K witamini bolsa bedende süňkleri berkitmek, beýniniň neýronlaryna zeper ýetirýän kesel üçin durnukly rol oýnaýar. 100 gr ýapragynda C witaminiň kadasy 47% bolup, bedeniň ýokanç kesellere garşy durnuklylygyny artdyrýar. Şeýle-de magniý, marganes, mis, sink ýaly minerallar saklanyp, olar ösüşi, iýmitiň dargadylmagyny, nuklein kislotasynyň sintezini, fermentleriň emele gelmegini çaltlaşdyrýar. Ysmanak omega-3 ýag kislotalarynyň hem çeşmesidir. Ony yzygiderli ulanmak bedende gan azlygynyň, ýürek-damar keselleriniň öňüni almaga ýardam edýär. Ysmanakda beýleki önümlerde bolmaýan oksalat duzlary hem bar. Umuman aýdanymyzda, ysmanak her birimiz üçin ýokumly hem-de peýdaly düzüme eýe bolan ähmiýetli önümdir.

 

Wepa HALYMOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy,

institutyň Magtymguly adyndaky ilkinji

Ýaşlar guramasynyň başlygy

 

 

Ançelotta «Realyň» ozalky futbolçysy ýardam berer  

 

 

Ýene-de okaň

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat