TESWIRLER

Ýigide müň dürli hünär hem azdyr

Salam hormatly “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň okyjylary! Türkmen atalar sözi sapagymyza hoş geldiňiz!  Türkmen Atalar Söziniň 5-nji sapagyna başlaýarys! Öňki sapaklarymyz üçin şu ýere basyň!

Geldiýewiň “Makal we matallar ýygyndysy: Babalar sözi” diýen kitabyndan atalar (babalar) sözüni öwrenmkligi dowam etdireliň:

4.Ýigide müň dürli hünär hem azdyr. Türkmenler öz çagalarynyň ýaşlykdan bilim öwrenmek, hünär almak meselesine aýratyn üns beripdirler. Şonuň üçin ýaş nesli bilimli, hünärli etmek her bir adamyň öňünde durýan uly jogapkärçilikdir.

Ata-babalarymyz gadymdan bäri bir hünärliligi ýeterli hasaplamandyrlar. Dürli ugurlardan baş çykarmagy, öwrenip bilmegi esas alypdyrlar. Şonuň üçin köp hünärlilige ýörite üns beripdirler. Çagalarynyň köp zatdan başy çykmagy üçin ellerinden gelen goldawy beripdirler. Bu ýagdaýyň esasynda-da şol atalar sözüni döredipdirler.

Bu atalar sözüniň häzirki döwür bilen baglanyşygy hakynda-da bir-iki agyz söz aýtmaklygy ýerlikli hasapladyk. Häzirki wagtda çaganyň sowadyny diňe bir adamyň üstüne ýüklemek dogry däldir.

Çaganyň bilimini, sowadyny diňe mekdebe, şeýle hem şol mekdebiň mugallymlaryna ýüklemek gaty ýalňyşdyr. Sebäbi, ýokarda-da belleýşimiz ýaly, ýaş nesli ylymly-bilimli etmek şol ýurduň her bir raýatyň mukaddes borjudyr.

Şonuň üçin ene-atalar hem ylymly-bilimli ýaş nesli kemala getirmekde özlerine degişli bolan uly jogapkärçiligi asla unutmaly däldirler. Olar çagalary dürli hünärlere ugrukdyrmakda, olaryň çuňňur bilim almaklygyny üpjün etmekde hemişe öň hatarda durmalydyrlar.

5.Ederini bilmeze “ýagy” ne hajat. Tematik taýdan “Bilim we nadanlyk” diýen bölüme degişli edilen bu atalar sözüni gurluşy esasynda üç bölege bölmek mümkin:

1) “ederini bilmez”;

2) “ýagy”;

3) “ne hajat”.

Birinji bölekdäki “ederini bilmez” adam bilen baglanyşykly sypatlandyrmadyr; başgaça aýdylanda, onuň doly görnüşi: “ederini bilmez adam” diýen durnukly aňlatmadyr. Bu durnukly aňlatmanyň manysyna düşünmekde kynçylyk çekýän ýaşlarymyz hem bar. Şonuň üçin şeýle sözleriň düşündirilmegini ýerlikli hasaplaýarys.

Gürrüňi edilýän durnukly aňlatmadan umumy alanyňda, “näme etjegini bilmeýän”, “näme etmelisini bilmeýän”, “etjek işini bilmeýän”, “etmeli zadyny bilmeýän”, “maksadyny bilmeýän”, “etsem-goýsamy bolmaýan”… diýen manylar gelip çykýar. Bu manylar bolsa “nadan”, “samsyk”, “sowatsyz”, “akylsyz” diýen manylar bilen manydaşdyr.

“Ýagy” sözüniň manysy duşman diýmekdir. Atalar sözüniň soňky bölümi bolan “ne hajat” aňlatmasynyň manysy bolsa “gerek däl”, “zerurlygy ýok” diýmekdir.

Netije: “Näme etjegini bilmeýän adama duşman gerek däldir”, sebäbi, sowatsyzlygyň özi ynsan üçin duşmandyr.

6.Iş müşgüldir, aňlamaza duş gelse. Atalar sözüniň ikinji bölegindäki “aňlamaz” ýene nadanlykdan habar berýär. “Aňlamaz” sözüniň manysy-da bilim bilen baglanyşykly bolup, aňlamazlyk, aňlap bilmezlik, düşünmezlik, düşünip bilmezlik diýen manyny aňladýar.

Atalar sözüniň birinji bölegindäki “müşgül” (müşgil) sözüniň manysy “kyn, kynçylykly, agyr, çylşyrymly” diýmekdir.

2016-njy ýylda ýylda neşir edilen Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde” “müşgilçilik”, “müşgillik” diýen sözleriň düşündirişi bolsa-da, gynansak-da, gürrüňi edilýän sözlüge “müşgil” sözüniň özi alynmandyr. Bu ýagdaý bolsa täze sözlükdäki köne kemçilikleriň birini ýatladýar.

Atalar sözüniň gysgaça manysy şeýledir: Aňlamaz adama duş geleniň işi gaty kyndyr. Gepe düşmez (nadan) adama duşsaňyz, işiňiz örän çetin boljakdyr.  Şunuň netijesinde-de, bilimliligiň, sowatlylygyň häzirki durmuşyň iň esasy şertleriniň biri bolandygy düşündirilmek islenilýär.

7.Bilmeseň, bileniňkä gitmeseň. Bu atalar sözüniň üsti bilen Türkmenler gadymda iki sany şert esasynda bilim öwrenmek bilen baglanyşykly ýol görkezmäge çemeleşipdirler. Geliň, ony bilelikde öwreneliň.

Şol şertleriň birinjisi “bilmeseň” şertidir. Elbetde, bilmeseň, öwrenmek gerekdigi öz-özünden düşnüklidir.

Ikinji şert bolsa “gitmeseň” sözi bilen beýan edilipdir. Bu şert umumy görnüşde iki sany zady talap edýär. Şol talabyň birinjisi bir ýere ýa-da bir mekana; ikinjisi bolsa bir kişä ýa-da bir şahsa bolmaly.

Atalar sözüne laýyklykda gidilmeli kişi, şahs “bilen”, “bilen adamdyr”. Şonuň üçin atalarymyzyň öwredişi ýaly, “bilmeseň”, “bilene”, “bileniňkä” gitmelisiň. Esasy maksat bilenden öwrenmekdir; şonuň netijesinde-de bilimli, sowatly bolmakdyr.

8.Gyradeňlikden Hudaý saklasyn. Bu atalar sözüniň tematik toparynyň bilim bilen baglanyşyklydygy birbada aýtmak ýeňil däl. Çünki atalar sözüniň düzüminde bilime degişli göze kaklyşan söz ýok diýerlik derejededir.

Atalar sözündäki “gyradeňlik” näme diýmek? Birmeňzeşlik, birsydyrgynlyk diýen many aňladýan şol sözüň bilim bilen nähili baglanyşygy bolup biler?

“Gyradeňlik” sözi adamlaryň bilim derejesine berilýän baha bilen baglanyşyklydyr. Bilnişi ýaly, ynsanlaryň hemmesiniň bilim derejesi birmeňzeş däldir. Şonuň üçin şol atalar sözüniň üsti bilen adamlaryň hemmesiniň bilim derejesini birmeňzeş hasaplamak bolmaz diýen düşünje beýan edilipdir.

Kitapdaky ikinji bölüm: Terbiýe hakynda

Terbiýe maşgala üçin-de, mekdep üçin-de zerur bolan esasy göreldeleriň biridir. Şonuň ýaly-da terbiýäniň bilim bilen hem aýrylmaz baglanyşygy bardyr. Bu bölümde diňe iki sany atalar sözüne ýer berlipdir.

9.Ergeneksiz eklenen, terbiýesiz saklanan. Halk tarapyndan oňlanylmajak terbiýesiz ynsan üçin aýdylýar.

2016-njy ýylda neşir edilen Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde “ergeneksiz” sözüne şeýle düşündiriş berlipdir: “3.göç. m.Terbiýe görmedik, terbiýesiz, edepsiz. Ergeneksiz eklenen, terbiýesiz saklanan” (nakyl) [TDDS, II, Aşgabat, 2016:351].

Sözlügiň düşündirişden soňra gürrüňi edilýän atalar sözüni mysal bermegi ünsi çekijidir. Görnüşi ýaly, bu düşündirişde “terbiýe” (terbiye görmedik, terbiýesiz) sözüne agyrlyk berlipdir.

Biziň pikirimizçe, “ergeneksiz” sözüne berlen düşündiriş terbiýe bilen baglanyşykly däl, tersine “eklenmek” bilen baglanyşykly. Şonuň üçin bu düşündiriş bizi biraz ikirjiňlendirýär.

Geliň, onda sözlükden “eklenmek” sözüne berlen düşündirişi gözden geçireliň: “Eklenmek, öz güzeranyňy özüň görmek, öz günüň özüňden geçmek, öz zähmetiňe düşýän hak bilen oňmak. Ergeneksiz eklenen, terbiýesiz saklanan” (nakyl) [TDDS, I, Aşgabat, 2016:338].  Sözlükde ikinji gezek şol bir atalar sözüne duş geldik.

“Ergenek” sözi “eklenmek” bilen baglanyşykly bolup, onuň düşündirişi-de, manysy-da şol söze degişli bolmalydyr. Şeýlelikde, “ergeneksiz” sözüniň manysyna “görümsiz, eklenmek bilen baglanyşykly görüm-görelde görmedik, öz güzeranyny özi görmeýän, başga biriniň üstünden eklenen, eklenjini başgasyndan görýän” diýlen düşünjeler hem goşulsa ýerlikli bolardy.    

10.Ýedi ýaşan aty sygyryp suwa ýakma. Bu atalar sözi maslahat beriji häsiýete eýe bolup, bu ýerde atyň üsti bilen tejribesi bolan, tejribesi özüne ýetik adama ýol görkezme diýen manyda ulanylypdyr. Gysgaça aýdanyňda, tejribeli bilen tejribesiz, gögele ynsany tapawutlandyrmagyň zerurdygy aýdylypdyr.

(dowamy bar)

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri