PEÝDALY MASLAHAT

Ýeralma mantysy

Gerekli önümler:

3 sany ýeralma (gaýnadylan)

2 sany pomidor

1 sany sogan

250gr üwelen et

1-2 çaý çemçesi duz (köpeldilip ýa-da azaldylyp bilner)

1 çaý çemçesi gyzyl burç

1 çaý çemçesi gara burç

1/2 bogun petruşka (dogralan)

1-2 kiçi bulgur ýag

Taýýarlanyşy:

Ilki bilen gaýnadylan ýeralmany bir tabaga arassalaň we püre ýagdaýyna gelýänçä gowy edip owradyň. Duz, burç, gyzyl burç we dogralan petruşkany ýeralma goşup, gowy garmaly. Taýýarlanan ýeralmanyň püresi bilen hozdan birneme uly bölekleri alyp togalamaly. Barmagyňyz bilen ortasyny basyp, tabagyň şekilini beriň we tabaga goýuň.

Gazanda ýagy gyzdyryň. Gyzan ýaga sogan goşup, gülgüne reňke öwrülýänçä gowurmaly. Üwelen eti goşanyňyzdan soň, suwy çykýança gowurmaly. Gyrgyçdan geçirilen pomidorlary üwelen etiň üstüne goşuň we ýakymly ysly zatlary goşuň.

Üwelen eti otdan almazdan ozal, dogralan petruşkany goşuň, garyşdyryň we otdan alyň. Üwelen eti ýeralmaň üstüne dolduryň.

Taýyn bolan naharyňyzyň üstüne isleseňiz gatyk ýa-da gaýmak goýup bilersiňiz.

Zendaýanyň mum heýkeli ýasaldy

Related posts

«Türkmenhowaýollary» agentligi : Salgylar we telefon belgileri

Italiýa :Abraýly Ýokary Okuw Jaýlary 2020

Dr.Döwran Orazgylyjov

Migrasiýa gullugy hakynda Kanun: Üýtgetmeler we Goşmaçalar

Ata Watan Eserleri