SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

ÝB sanjym maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrýar

Ýewropa Bileleşigi koronawirus ýokanjyna garşy göreşde öňde goýan maksatnamalaryna ýetýär. Iýul aýynda uly ýaşly ilatyň 70 göterimi koronawirus ýokanjyna garşy sanjymyň birinji dozasyny aldy. 57 göterimi bu ýokanja garşy doly gorag aldy. Netijede, umumy immunitet bellenen derejä ýetdi.

Ýewrokomissiýanyň Başlygy munuň örän gowy habardygyny, ýöne entek doly netije alynmandygyny belledi.

– Bu görkezijiler Ýewropany öňdebaryjy edýär – diýip, Ursula fon der Lýaýen belledi. Ol mundan beýläk-de bu ugurdaky çemeleşmeleriň dowam etjekdigini belledi. Ursula fon der Lýaýen “delta” görnüşiniň örän howplydygyny belläp, şonuň üçin kimiň mümkinçiligi bar bolsa, sanjym bolmagyny isledi.

 

Dünýäniň iň gymmat gowrulan ýeralmasy

Related posts

Koronawirus sanjymynyň bahasy belli boldy

Ata Watan Eserleri

THY: sentýabr aýynda Türkmenistan ugry boýunça hepdede 2 ýörite uçar gatnawy

Ata Watan Eserleri

“Omikron”: täze görnüş-täze çäklendirmeler