JEMGYÝET

Ýaş türkmenistanlylaryň 76 müňe golaýy ilkinji gezek saýlawlara gatnaşdy

Şu gün ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda 18 ýaşyny dolduryp, saýlaw uçastoklarynda ilkinji gezek ses berýän ýaş saýlawçylaryň ýurdumyz boýunça jemi 75 müň 600-den gowragy hasaba alyndy.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Watanymyzyň geljegi bolan gujurly ýaşlaryň müňlerçesi özleriniň ilkinji syýasy ädimlerini ädip, Mejlisiň deputatlygyna, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärleriň iň mynasyplary üçin öz seslerini bermäge mümkinçilik aldylar.

Saýlaw uçastoklarynda olara höweslendiriji sowgatlaryň gowşurylmagy ýurdumyzda ýaş nesle aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Related posts

Milli Liderimiziň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabadyň demirgazyk künjeginde saglyk şäherçesi dörediler

Owganystanyň goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň mejlisi barada pikir alşyldy

Leave a Comment