JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Russiýa ulag ulgamynda ähtnama gol çekişdi

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dowam edýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatynyň çäklerinde birnäçe ylalaşyklara gol çekmek dabaralary geçirildi.

“Berkarar” myhmanhanasynda geçirilen gol çekmek dabarasynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm resminama gol çekildi.

“Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem gataşan gol çekmek dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň arasynda halkara awtomobil daşamalary ösdürmek babatda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.

Bu möhüm resminama türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew, rus tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň ulag ministri Witaliýe Sawelýew gol çekdi.

Gol çekmek dabarasynda edilen çykyşda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Related posts

Milli Liderimiz: “Galkynyş” käni gazyň möçberi boýunça dünýäde birinji orunda durýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrýar

Täze ilçiler wezipä bellendi