JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň uly ykdysady kuwwata eýedigini hem-de olaryň uzakmöhletleýin netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygy netijesinde okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

-Biziň ýurtlarymyz sebit we halkara guramalarynyň, ozaly bilen BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler, diýip döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda söhbetdeşler deňhukuklylyk, ynam we özara düşünişmek esasynda guralýan döwletara dialogynyň ýetilen ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Umumy pikire görä, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna uly orun degişlidir.

Related posts

Türkmenistanly ýaşlara Russiýada okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Şu gün – Halkara Nowruz güni

Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň sammitinde kabul edilen resminamalar

Ata Watan Eserleri