2018-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Azerbeýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň ýurdumyza resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Azerbeýjan Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygyň dowamynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Dabaranyň barşynda jemi 21 sany döwletara Ylalaşyklara, şolaryň çäginde Azerbeýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda halkara gatnawlara gatnaşyjylara Azerbeýjan Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň çäginde wiza düzgünini ýeňilleşdirmek barada Ylalaşyga gol çekildi.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy Azerbeýjan Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň çäginde wiza düzgünini ýeňilleşdirmek baradaky Ylalaşygy ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralarynyň biri hökmünde bellenildi.
Baglaşylan Ylalaşyga görä, döredilen ýeňillikler ýurdumyzyň ulag-üstaşyr logistika ulgamynyň ösmegine uly itergi berer. Halkara gatnawlaryna gatnaşyjylara gysga möhletde wizalaryň resmileşdirilmegi, wizanyň we ýurduň çäginde bolmaklygyň möhletiniň artdyrylmagy ulag-üstaşyr logistika ulgamynyň hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine getirer.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi onuň sebit we yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr-ulag merkezi derejesiniň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Biziň ýurdumyz bu ugurda bar bolan uly mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga çalşyp, ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmäge we olaryň täzelerini döretmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrýar.