DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnamana gol çekmek dabarasy geçirildi.

Resminama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministri Selsu Waz du Nasimentu Matuş gol çekdiler.

Teswirnama gol çekmek dabarysynyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň hökümetlerini hem-de halklaryny diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak bilen gutladylar hem-de bu ädimiň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şol sanda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm itergi berjekdigini bellediler.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi