DÜNÝÄ

Türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde nobatdaky türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi.

Taraplaryň wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew hem-de Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça wekili Mattias Lýuttenberg ýolbaşçylyk etdiler.

Geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň içerki syýasy ýagdaýlary barada pikir alşyldy, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwletara gatnaşyklary has-da berkitmek üçin ýokary derejeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýeti bellendi.

Şunuň bilen birlikde diplomatlar daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gepleşikleri geçirmegiň möhümdigini aýtdylar. Hususan-da, taraplaryň adam ölçegi ugrundaky gepleşikleri dowam etdirmek baradaky özara gyzyklanmasy beýan edildi.

Parlamentara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, Ýewropa Bileleşigi boýunça ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň täze görnüşleri, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada täze strategiýasynyň çäginde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we “Ýaşyl Merkezi Aziýa” sebit başlangyjy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatynda şertnamalaryň bilelikde ýerine ýetirilmeginiň ähmiýeti bellendi.

Iki ýurduň sebitleýin we halkara guramalaryň çäginde netijeli hyzmatdaşlygyna seredildi.

Taraplar Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly çözülmegi ýaly möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň ýurtlaryň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti nygtaldy. Bu nukdaýnazardan, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň göwrümini has hem artdyrmak, nemes ýokary tehnologiýalaryny ulanyp häzirki zaman önümçilik desgalaryny döretmek boýunça taraplaryň gyzyklanmasy beýan edildi.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ugurda gatnaşyklary giňeltmek üçin ileri tutulýan ugurlara aýratyn üns berdiler. Arheologiýa pudagynda bilelikdäki taslamalary ösdürmegiň mümkinçilikleri göz öňünde tutulýar. Bilim pudagynda özara gatnaşyklaryň netijeliligi, Türkmenistanda nemes dilini öwrenmek, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlygy jemgyýeti arkaly dowam edýän taslamalaryň ähmiýeti nygtaldy.

Saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlygyň uzak möhletli we oňyn tejribesi hem bellendi, iki ýurduň lukmançylyk pudagyndaky hünärmenleriniň arasynda yzygiderli maslahatlaşmalar tejribesini dowam etdirmegiň zerurlygy beýan edildi.

Ýene-de okaň

Kasymaliýew Türkmenistanda: Gyrgyzystanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 7 milliard dollardan geçdi

Ali Asadow: GDA-nyň ynsanperwer başlangyçlaryna ýokary baha berdi

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy zenanlaryň ornuna bagyşlanan dabaraly çäre geçirdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Kararnama kabul edildi

Aşgabatda Türk aşhanasynyň hepdeligi bellenildi

Aşgabatda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogynyň birinji parlamentara forumyny geçirmek meýilleşdirilýär