JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklaryň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanyny doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, doganlyk gazak halkynyň rowaçlygynyň bähbidine jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Hususan-da, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde Gazagystan Respublikasynyň ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe gidip, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanýandygy hem-de dünýäde abraýyny has-da berkidýändigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýola goýlan netijeli türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, Gazagystanyň Baştutanynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly üns berýändigini aýratyn belledi.

Biz Siziň ynanyşmak ýagdaýyndaky garaýşyňyza ýokary baha berýäris we döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygymyzy tassyklap, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklary ilerletmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Söhbetdeşler häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň esasy ugurlaryň ählisi boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Dostlukly goňşy döwletleriň arasynda işjeň syýasy gatnaşyklar alnyp barylýar, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk berkidilýär. Türkmen-gazak söwda-ykdysady gatnaşyklary, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk barha giňeldilýär we berkidilýär, parlamentara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baştutanlary ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklap, özara hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi doglan güni bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat we bagt, Gazagystanyň doganlyk halkynyň rowaçlygynyň, abadançylygynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde üstünlik arzuw etdi.

 

Rus kompaniýasy sil suwuny sowujy desgalar toplumyny gurýar

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty başlaýar

Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Sara B. Rojersiň “Atavatan Media” toparynyň beren sowalyna jogaby

Sara Rojers “Ata Watanyň” sowalyna jogap berdi: Türkmenistan bilen bilim hyzmatdaşlygy ösdüriler

Aşgabatda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sebitleýin ýokary derejeli duşuşyk geçirildi

Sara Rojers:Türkmenistana bolan gyzyklanma barha artýar