DÜNÝÄ

Rus wekiliýeti bilen duşuşyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Ýe.D.Grigorýewiň baştutanlygyndaky Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga şeýle hem «Возрождение» taslama we gurluşyk kompaniýalary toparynyň ýolbaşçysy I.W.Bukato we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.W.Blohin gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýokary derejesini, şol sanda rus kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çäklerindäki infrastruktura desgalarynyň gurluşygynyň taslamalarynyň birnäçesine netijeli gatnaşýandyklaryny bellediler. Şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Related posts

Özbegistanyň Medeniýet ministri bilen duşuşyk geçirildi

vepa

“Oskar” baýragyna bu ýyl kim mynasyp bolarka?!

vepa

Kofeniň täze peýdalary

vepa