BIZNES

Türkmenistanyň we Gazagystanyň gümrük edaralary maglumat alşar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gazagystanly kärdeşleri bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystan Maliýe ministrliginiň arasynda deslapky maglumat alyş-çalşyny guramak baradaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek maksady bilen işlenip düzülen Maglumat alyşmak üçin Tehniki şertleriň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, kärdeşler maglumat alyşmagy ýola goýmak üçin zerur guramaçylyk we tehniki çäreleriň toplumyny, tehniki şertlerde göz öňünde tutulan maglumat alyş-çalyşyň hukuk esaslaryny, şeýle hem maglumat alyşmagyň programma üpjünçilik gurallarynyň meselelerine garadylar.

Related posts

Türkmenistan bilen Owganystan 2025-nji ýyl üçin goşmaça elektrik şertnamasyny baglaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan dünýäniň işewürleriniň üns merkezinde

Türkmenistan onlaýn sergä gatnaşýar

Leave a Comment