DÜNÝÄ

Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy gümrük meselelerinde hyzmatdaşlygy ösdürýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Gyrgyzystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň ýanyndaky Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda  Gulluklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ilkinji nobatda Gümrük işinde ýardam bermek we özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşygyň baglaşmagyň zerurlygyny belläp, bu ugurda resminamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak üçin bilelikde işleri geçirmäge ylalaşdylar.

Şeýle-de, maglumat alyşmagy ýola goýmak, statistiki maglumatlary deňeşdirmek, özara haryt dolanşygynyň möçberleriniň artdyrylmagy üçin iki ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň netijesi boýunça taraplar iki döwletiň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösmegi üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan mundan beýläk ösdürmek barada ähli tagallalary etjekdikleri barada ylalaşdylar.

Related posts

Türkmenistan TDG-niň Ýaşulular geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Aşgabatda saparda boldy

Galibaf Eýranyň parlamentiniň başlygy wezipesine täzeden saýlandy

Leave a Comment