JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Täjigistanyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi

Paýtagtymyzyň «Arkadag» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Iki doganlyk döwletiň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar halkara we sebit derejesindäki özara bähbitli meseleler barada pikir alyşdylar.

Iki dostlukly döwletiň Prezidentleri geçiriljek üçtaraplaýyn – Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň sammitiniň sebit hyzmatdaşlygynyň mundan beýkäk hem ösüşine itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Related posts

200 sany “Toyota Corolla” kysymly taksi ulanyşa giriziler

Sosial torlar we biz

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda täze ýaşaýyş jaý toplumy gurlar

Leave a Comment