JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistanyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi

Paýtagtymyzyň «Arkadag» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Iki doganlyk döwletiň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar halkara we sebit derejesindäki özara bähbitli meseleler barada pikir alyşdylar.

Iki goňşy döwletiň Prezidentleri geçiriljek üçtaraplaýyn – Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň sammitiniň sebit hyzmatdaşlygynyň mundan beýkäk hem ösüşine itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Related posts

Aşgabadyň binalary öwüşginli yşyklar bilen bezelýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşdy

Bir baş üzüm 11 müň dollara satyldy

vepa

Leave a Comment