JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretary bilen duşuşdy

Özbegistan Respublikasyna iş saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretary Martin Çungong bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Kararnamalaryň kabul edilmeginiň hem-de ýurdumyzyň bütindünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretaryny 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelere, şol sanda parlament çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar parlamentara bileleşigiň 150-nji assambleýasynyň gün tertibinde duran meseleler  boýunça alnyp barylýan işler, milli tejribeler hakynda maglumatlary diňlemegiň hem-de öňe sürlen teklipler  bilen tanyşmagyň parlament wekilleri üçin ähmiýetli boljakdygyny bellediler. Şeýle hem, Türkmenistanyň Mejlisiniň we Parlamentara Bileleşigiň geljekde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

“Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan, Amul-Hazar 2018 rallisine 15 takım ile katılacak

vepa

Türkmenistan Russiýa ynsanperwer kömegini bermäge taýýar