JEMGYÝET

4 aýyň jemi: Türkmenistanda JIÖ-niň ösüşi 6,3 göterim boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly 4 aýyň jemine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onuň ahyrynda döwlet Baştutany Hökümet agzalaryna ýüzlenip, Garaşsyz Türkmenistanda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ýurtda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanylýar. Iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki binalaryň we desgalaryň gurulmagy dowam edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ykdysadyýetiň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi dowam etmegiň, bu işleriň ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.

Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda bellenilişi ýaly, şu ýylyň dört aýynda ýurtda jemi içerki önüm 6,3 göterim artyp, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 0,6, gurluşykda 4,4, ulag we aragatnaşyk pudagynda 11,1, söwdada 9,9, oba hojalygynda 4 we hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterime deň boldy.

Related posts

Türkmenistan, Asya Atletizm Şampiyonası’nda 2 madalya kazandı

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Kazanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Rabab Fatima Türkmenistanyň başlangyçlaryna ýokayr baha berdi