JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Fridrih Mersi gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fridrih Merse Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belläp, onuň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Fridrih Merse tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, täze wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Related posts

Taryhy üstünlik! Türkmen samboçy dünýä çempiony boldy

Türkmenistan ve Dünýä Gümrük Örgütü arasında işbirliği

vepa

Türkmen halkynyň Milli Lideri: ŞHG-niň döwletlerini TOPH gaz geçirijisi taslamasyna gatnaşmaga çagyrdy