DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Belarusyň ilçisi bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de ykdysadyýetde, medeni-durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Ikitaraplaýyn esasda ýola goýlan parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň türkmen-belarus gatnaşyklarynyň mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi. Parlamentara hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň ýokarlanmagynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlaryna möhüm ornuň degişlidigi barada aýdyldy.

Şeýle hem döwletara gatnaşyklaryň parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldanylmagynyň iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady,  medeni-ynsanperwer ugurlarda işjeň ýagdaýda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanmagynda möhüm ähmiýete eýe boljakdygy nygtaldy.

Ýene-de okaň

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy