SPORT

Türkmenistanly samboçylar Belarusda 13 medal gazandylar

13 medal – 1 altyn, 4 kümüş we 8 bürünç – türkmen samboçylarynyň Minskde tamamlanan Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy ugrundaky XXIX halkara ýaryşynda eden çykyşynyň netijesi, ine şeýle.

Bäsleşige Belarusdan, Ermenistandan, Bolgariýadan, Germaniýadan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan, jemi dokuz ýurtdan 200-den gowrak türgen gatnaşdy. Olar iki günüň dowamynda 21 – erkekleriň we zenanlaryň sport sambosynda ýedi, erkekleriň söweş sambosynda-da ýedi medal ugrunda bäsleşdiler.

Ýaryşyň ilkinji gününde türkmen samboçylary alty medal: 2 kümüş we 4 bürünç, soňky gün bolsa ýene ýedi medal (1 altyn, 2 kümüş we 4 bürünç) gazandylar.

Hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna 71 kilograma çenli agram toparynda söweş sambosy boýunça ýaryşda ýeňiji bolan Kadyrjan Gafurow çykdy.

Geçen ýylky ýaryşda altyn medal gazanan Agasapar Muhadow (agramy 79 kg çenli) we Suhan Öwezgeldiýew (98 kg çenli), şeýle hem Ahmet Taňryberdiýew (58 kg çenli) we Kerim Kerimow (71 kg çenli) söweş sambosynda kümüş medal gazandylar.

Bürünç medallara zenanlar sport sambosynda Aziza Nazarowa we Aminat Guwanowa (ikisem 50 kilograma çenli agram toparynda), Zarina Abdyrahmanowa (54 kilograma çenli), Merjen Joraýewa (59 kg çenli), erkekler sport sambosynda bolsa Bagtyýar Bahramow (79 kg çenli), Isa Arslanow (79 kg çenli) we Begenç Baltaýew dagy mynasyp boldy.

Geçen ýyl bu ýaryşda türkmen samboçylarynyň 4 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç, jemi 15 medal alandygyny ýatladýarys.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar