DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisinde USAID-yň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde  ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) ýurdumyzda amala aşyrýan «Türkmenistanda dolandyryş işi» (GAT) atly taslamasynyň çäklerinde USAID-yň Türkmenistandaky wekili Jeffri Skarin bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Mejlisi bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň esasy kanun çykaryjy häkimiýetini amala aşyrýan edaranyň işiniň sanlylaşdyrylmagyna işjeň goldaw bermek, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly meseleler babatda bilelikdäki tagallalary birleşdirmek boýunça pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi