BILIM

Türkmenistanyň ilkinji milli rekordsmen okuwçysy

Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 6-njy synpynyň okuwçysy Liwanur Berdiýewa okuwdan boş wagtlary Aşgabat şäherindaki “Kämil Bilim” bilim merkiziniň “ANZAN mega mental arifmetika”  kursuna bir ýyldan gowrak wagt bäri gatnaýar.

2022-nji ýylda “Mental arifmetika” boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi, şol ýaryşda Liwanur Berdiýewa Türkmenistan boýunça kümüş medalyň eýesi boldy.

Şol gün “Mental arifmetika” ugry boýunça Türkmenistanyň ilkinji milli rekordyny hasaba almak ugrynda ýaryşy hem gurnaldy we Liwanur şol rekord ýaryşynda 0.3 sekunt tizlikde 1 belgili 200 sany sanlary yzly yzyna 5 gezekde  goşup dogry hasaplap, Türkmenistanyň ilkinji milli rekordyny gazanmagy başardy hem-de bu rekord Halkara “MEMORIAD” bütindünýä zehin sport federasiýasy tarapyndan hasaba alyndy we sertifikaty gowşuryldy.

Ýene-de okaň

“Hytaýyň ilçisiniň talyp haky” atly taslama boýunça ýeňijiler sylaglandy

Türkmenistan bilen Hytaý bilim boýunça täze ylalaşyklara gol çekişdi

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar