JEMGYÝET

Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkodan rekord

Russiýanyň “Roskosmos” komonawtlar toparynyň ýolbaşçysy, TASS habarlar gullugynyň ýörite habarçysy, Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Oleg Kononenko orbitada uzak wagtlap galmak bilen dünýä rekordyny goýdy.

4-nji fewralda Kononenko rus kosmonawt Gennadiý Padalkiniň 1998-2015-nji ýyllar aralygynda 5 gezek  kosmos giňişligine amala aşyran saparynda älem giňişliginde bolan 878 gije-gündiz 11 sagat 29 minut 48 sekuntlyk rekordyny täzeledi.

Oleg Kononenko öz karýerasynda 5 gezek kosmos saparyny amala aşyrýar. Ol 5-nji iýunda Moskwa wagty bilen 00:00:20-de kosmos giňişliginde 1 müň gije-gündiz bolmak bilen dünýädäki ilkinji adam bolar. Türkmenistanyň Gahrymany Kononenko iýun aýynda kosmos giňişliginde 60 ýaşyny belleýär.

Oleg Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinde dünýä indi. Ol özüniň kosmos giňişligine ilkinji sapayrny 2008-nji ýylyň aprelinde amala aşyrdy.

Related posts

Milli Liderimiziň sagdyn durmuş ýörelgesi

Türkmenistan Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmek işine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Walentina Matwiýenko iş sapary bilen Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri