DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri Russiýada saparda bolar

Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşikler geçirer. Bu barada “TASS” habarlar agentligi Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowanyň metbugat ýygnagyndaky çykyşyna salgylanyp berýär.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň 30-njy marty-2-nji apreli aralygynda Russiýa Federasiýasynda iş saparynda boljakdygy mälim edilýär.

– Ýokary derejeli myhman Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Şeýle hem rus kärdeşi bilen gepleşikler geçirer – diýip, Mariýa Zaharowa belläp geçdi.

Gepleşiklerde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, sebitleýin we ählumumy howpsuzlygyň möhüm meselelerini, şeýle hem döwletara edaralarynyň özara gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.

Mariýa Zaharowa rus tarapynyň bu sapary iki ýurduň döwlet Baştutanlary tarapyndan gol çekilen strategik hyzmatdaşlygyň esasynda ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagynda möhüm ädim hökmünde garaýandygyny belledi.

 

Russiýa 6 döwlet bilen uçar gatnawlaryny ýola goýýar

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary duşuşdy

Ženewada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Azerbaýjanyň Medeniýet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan GDA-nyň Döwlet habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylary geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Gyrgyzstan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Türkmenistanyň Ilçisi ÝUNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy