DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranda saparda bolar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýran Yslam Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, türkmen wekiliýeti ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň nobatdaky 16-njy mejlisine hem-de iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçiriljek syýasy geňeşmeleriň işine gatnaşmak üçin 2021-nji ýylyň 26-28-nji oktýabry aralygynda Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

 

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistana sapara gelýär

Related posts

Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçisi fransuz atçylyk bilermeni bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Aral deňziniň basseýininde ýerleşýän ýurtlara kömek

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyny gutlady