SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanly raýatyň çagasy Minskde 2026-njy ýylyň ilkinji täze doglan çagasy boldy

Minsk şäherinde Täze ýyl gijesinde dünýä inen ilkinji çaga Türkmenistanyň raýatynyň gyzy boldy. Bu barada BELTA agentligine Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

1-nji ýanwarda sagat 4:00-da şäher kliniki hassahanasy №1-niň çaga dogrulýan bölüminde lukmanlar agramy 3 kg 140 gram, boýy 51 sm bolan gyzjagazy dünýä indirmäge kömek etdiler. “Sagatlaýyn (gyssagly) dogrum boldy. Bu gyzjagaz ýaş maşgalada ilkinji çaga boldy,” — diýip, Saglygy goraýyş ministrliginde aýtdylar.

Täze ýylda Minskde dünýä inen ilkinji çagalaryň arasynda sagat 7:39-da şäher kliniki hassahanasy №6-nyň çaga dogrulýan bölüminde doglan ýene bir gyzjagaz hem bar.

Ministrlik ýaş ene-atalary maşgaladaky täze agza bilen gutlap, täze doglan çagalaryň saglykly bolmagyny arzuw etdi.

Related posts

Pakistan Türkmenistanyň bilen göni howa gatnawlaryny dikeltmegi teklip edýär

Ýewropa sebitindäki COVID-19 keseliniň hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurt

Dr.Döwran Orazgylyjov

Ýene bir ýörite uçar gatnawy: Türkmenbaşy-Stambul

Ata Watan Eserleri