JEMGYÝET

Türkmenistanly okuwçylar Türkmenistany Kaliforniýada tanyşdyrdylar

Daşary ýurtlarda bilim alýan we ýaşaýan watandaşlarymyzyň yhlasy bilen Türkmenistan dünýäniň dürli künjeklerinde yzygiderli wagyz edilýär. Bu ugurda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirilýän çäreleriň arasynda ýurduň iň uly we ykdysady taýdan iň güýçli ştaty bolan Kaliforniýadaky çykyşlar aýratyn bellärliklidir.

2025-nji ýylyň 22-nji maýynda Kaliforniýanyň Dawis şäherindäki başlangyç mekdepde geçirilen “Halkara Medeniýet Gününiň” çäklerinde 3-nji synp okuwçysy Ýunus Orazgylyjow hem-de onuň doganlary Ysmaýyl we Ýusup tarapyndan gurnalan Türkmenistanyň diwarlygy uly gyzyklanma döretdi. Diwarlykda görkezilen türkmen milli gymmatlyklary — haly, ahalteke bedewleri, alabaý itleri, Köýtendagdaky dinozawrlaryň yzlary, Ýaňgala kanýony, paýtagtymyz Aşgabat, Arkadag şäheri we Awaza milli syýahatçylyk zolagy ýaly ýerleriň ajaýyp suratlary myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi.

2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” nyşany hem diwarlykda “Türkmenistan” ýazgysynyň ýanynda ýerleşdirilipdir. Ruhubelentligimiziň nyşany bolan ýaşyl tugumyzy uzakdan synlamak mümkin bolup, ol diwarlygy has-da özüne çekiji etdi. Görkezilen suratlar we maglumatlar okuwçylarda, olaryň ene-atalarynda we mugallymlarynda ýurdumyzyň has içgin tanalmagyna mümkinçilik döretdi. Sebäbi Ýunus we doganlary şeýle çäräni geçen ýyl hem gurnapdy.

Diwarlykda ýerleşdirilen Magtymguly Pyragynyň kitaby bolsa türkmeniň beýik söz ussadyna bolan gyzyklanmany has-da aartdyrdy. Bir amerikaly myhman, gysgaça gürrüňdeşlikden soň: “Magtymguly — türkmenleriň Şekspiri ýalymy?” diýip sorady. Ol kitabyň içindäki goşgularyň käbir setirlerini türkmen dilinde diňledi we Ysmaýyldan olary iňlis diline terjime etmegini haýyş etdi.

Bu çäräde “Makul Sözlügiň” gatnaşygyny hem aýratyn agzamak gerek. Türkmen, iňlis, rus we türk dillerinde hereket edýän bu platformanyň suratly sözlük bölümi çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Iňlisçe 100-e golaý söz bilen bir hatarda dört sany türkmençe jogap görnüşi hödürlenip, dogry jogaby tapan çagalara sowgatlar berildi. Dogry jogaby tapmak üçin “Makul Sözlügiň” resmi web sahypasyna girýän mümkinçilik hem döredildi.

Myhmanlara dürli ýurtlaryň tagamlary bilen bir hatarda türkmen palawyndan datmak mümkinçiligi hem hödürlenildi. Şeýle hem meýdançada ýerleşdirilen äpet ekranda Türkmenistanyň tanyşdyrylyşyna degişli wideolarda türkmen aýdymlary ýaňlandy. Dutar we gyjak bilen ýerine ýetirilen halk aýdymlary bilen bir hatarda, emeli intellekt arkaly taýýarlanan türkmen we iňlis dilindäki aýdymlar hem görkezildi.

Aýdymlaryň biri ýaşyl Tugumyza bagyşlanypdyr. “Guwanýaryn ýaşyl Baýdak adyňa, Buýsanýaryn sen düşeňde ýadyma, Güýç goşulýan Watanperwer Badyňa, Seniň adyň meniň badym — Baýdagym!” ýaly setirler Amerikanyň dürli künjeklerinde ýaşyl Tugumyz bilen düşürilen suratlar bilen utgaşdy. Bu suratlaryň arasynda Nýu-Ýork, London, Stambul, Pariž, Moskwa, Dubaý we Hytaý diwary ýaly dünýäniň möhüm şäherlerinden ýerler bardy.

Ýene bir aýdym bolsa Ata Watanymyzyň milli gymmatlyklaryny iňlis dilinde wagyz etdi. Wideoda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden şekiller görkezildi. Türkmen dutarynda ýerine ýetirilen halk owazlary bolsa myhmanlara türkmen saz sungatynyň belentliklerini duýmaga mümkinçilik berdi.

Şu günki çärä Türkmenistan bilen birlikde Hytaý, Hindistan, Pakistan, Ysraýyl, Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň we ýerli amerikanlaryň (Native Americans) okuwçylary hem gatnaşdy. Her ýurduň wekilleri öz medeniýetine degişli gymmatlyklary bilen çykyş edip, baýramçylyga aýratyn reňk çaýdy.

Netijede, şeýle medeni çäreler diňe Kaliforniýada däl, eýsem ABŞ-nyň we dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan watandaşlarymyz tarapyndan yzygiderli geçirilýär. Çünki ýürekden Watan söýgüsini duýýan her bir türkmen ildeşimiz daşary ýurtlarda Ata Watanymyza hormat, buýsanç we jogapkärçilik bilen wekilçilik edýär. Okuwda, işde, durmuşda gazanylýan üstünlikleriň üsti bilen, türkmen halkyna mahsus adamkärçilik we medeni gymmatlyklar dünýä ýaýylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Türkiýe: bilim hyzmatdaşlygynda täze teklipler

Aşgabatda «Şapak» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hytaýly kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Sun Sinlin gaznasynyň işi bilen tanyşdy

Türk alymy Alişer Nowaýy adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Hytaýa iş sapary başlandy