JEMGYÝET

Türkmenistandan Türkiýä ynsanperwer kömegi iberilmegi dowam edýär

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramaçylygynda Türkmenistandan Türkiýe Respublikasynyň ýertitreme zerarly uly weýrançylyklara uçran sebitlerine ynsanperwer kömekleriniň ibeirlmegi dowam edýär.
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi togan Oral “Twitter” jemgyýetçilik torundan habar berşine görä, Türkmenistandan Türkiýä ynsanperwer kömekleriniň iberilmeginiň dowam edýändigi bellenilýär.
Soňky gezek 26-njy fewral gijesi “Türk Howa ýollary” awiakompaniýasynyň uçary bilen Türkiýä 130 sany krowat iberildi. Zerur bolan ynsanperwer kömeklerini zerurlyk bolan duran ýerlere ibermek üçin tagalla edilýär.
Şeýle hem Türkmenistandan ozal hem 100 goşmaça krowat we 60 ýyladyjy ýer titreme zerar ejir çekenler üçin iberilipdi.
Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi bu ynsanperwer kömekleri üçin Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetine, türkmen we türk raýatlaryna özüniň minnetdarlygyny bildirdi.

Ýene-de okaň

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy