JEMGYÝET

Dünýä çempionatynyň pleý-off bijeleri çekildi

2022-nji ýylda Katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna Ýewropa sebitinden gatnaşjak milli ýygyndylar üçin pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi. Ozal, diňe pleý-off duşuşyklary bir tapgyra geçirilýän bolsa, indi ol çylşyrymlaşdyrylyp, 2 duşuşyk esasynda geçirilýär.

Pleý-off tapgyryna galan milli ýygyndylar saýlama ýaryşynda öz toparçalarynda ikinji orny eýelän ýygyndylardyr. Pleý-off tapgyrynyň duşuşyklary 24-nji we 29-njy martda geçiriler.

Şol ýygyndylaryň arasynda çekilen bijeleriň netijesinde, ilkinji duşuşykda:

“A” ädim: Uels-Awstriýa hem-de Şotlandiýa-Ukraina

“B” ädim: Russiýa-Polşa hem-de Şwesiýa – Çehiýa

“Ç” ädim: Portugaliýa-Türkiýe hem-de Italiýa – Demirgazyk Makedoniýa

Bu 12 milli ýygyndydan 3 sanysy dünýä çempionatyna gatnaşar.

ITALIÝA ÝA-DA PORTUGALIÝA DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNA GATNAŞYP BILMEZ

Pleý-off tapgyrynyň geçiriliş tertibi şeýle:

Meselem, Portugaliýanyň toparçasyna ser salalyň. Onda Portugaliýa dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin ilkinji bilen 24-nji martda Türkiýäni ýeňmeli, soňra 29-njy martda bolsa Italiýa bilen Demirgazyk Makedoniýa arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bilen ýene-de bir duşuşyk geçirmeli. Şol duşuşykda ýeňiş gazanan halatynda dünýä çempionatyna gatnaşyp biler.

Şeýlelikde, ýa Portulgaliýa ýa-da Italiýa dünýä çempionatyna gatnaşyp bilmeýär.

 

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistana döwlet sapary bilen gelýär

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa komissaryny kabul etdi

GDA döwletleri Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça Maslahata çagyryldy

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar