JEMGYÝET

Türkmenistanda ÝUNISEF bilen bilelikde «Ýaşyl mekdep» taslamasy durmuşa geçiriler

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň çäklerinde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahaty geçirildi.

Halkara maslahaty Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa alyp bardy. Maslahata halkara guramalaryň wekillerinden 100-e golaýy gatnaşdy. Maslahatda çykyş eden myhmanlar haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine ýokary baha berdiler.

Halkara maslahatyň dowamynda birnäçe degişli resminamalara gol çekildi.

  • Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň meýilleri hakynda, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Ýurt boýunça maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň «Ýaşyl mekdep» bilelikdäki maksatnamasyna, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2025-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna, Türkmenistanyň Tennis Federasiýasy bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler

Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynda 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurulýar

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Azerbaýjanda geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň muzeýinde Milli Liderimiziň manyly ömrüne degişli gymmatlyklary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri